SIZDEN GELENLER

Ulag diplomatiýasynyň dabaralanýan forumy

Ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnama esasynda her ýylyň 26-njy noýabrynda Bütindünýä durnukly ulag güni bellenilýär. Şu mynasybetli, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda BMG bilen bilelikde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ikinji ministrler maslahatyny, «Hemmeler üçin howpsuz ýollar» atly çäräni guramak göz öňünde tutuldy. 26-27-nji noýabrda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahat hem-de sergi geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, Berkarar döwletimiz logistikany ösdürmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga möhüm ähmiýet berýär. Ulag-aragatnaşyk strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan sebit we yklym ähmiýetli wajyp ulag-logistik merkez hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. 2023-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza ýurtlaryň biragyzdan goldamagynda 26-njy noýabryň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegi döwletimiziň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän syýasy ugruna laýyklykda, Türkmenistan ulagyň ähli görnüşiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny we infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrýar, geljegi uly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek bilen, durnukly ösüşiň, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine ulag diplomatiýasyny barha ilerledýär.

Türkmenistan bu gün multimodal ulag-aragatnaşyk ulgamyny, şol sanda demir ýollar, awtoulag, deňiz ýollary, portlar ýaly üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek we goldamak üçin döwlet bilen hususy pudagyň hyzmatdaşlygyny has-da jebisleşdirmegiň, bu ugra maýa goýumlary çekmegiň möhümdiginden ugur alyp, bäsdeşlige ukyply milli logistika kompaniýalarynyň döredilmegine aýratyn üns berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary, döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz tagallalary esasynda howa ulagynyň maddy-enjamlaýyn binýady kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda öňdebaryjy enjamlar ornaşdyrylan täze howa menzilleri gurlup ulanmaga berilýär. Şolaryň hatarynda geçirijilik mümkinçiligi sagatda 1600 ýolagça deň bolan Aşgabadyň Halkara howa menzilini, Lebap welaýatynyň Türkmenabat we Kerki şäherleriniň Halkara howa menzillerini görkezmek bolar. Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde täze howa menziliniň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň ösüşinde möhüm waka boldy.

Gämi gurluşygyny ösdürmekde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň mümkinçiliklerini doly derejede ulanmaga uly ähmiýet berilýär. Portuň döwrebap infrastrukturasy, düzüm bölekleri diňe bir häzirki wagtdaky islegleri däl, eýsem, geljekde ýüze çykjak islegleri hem ýokary hilli hyzmatlar bilen kanagatlandyrmaga ukyplydyr. Deňiz portunyň doly kuwwata çykarylmagy Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça yklymara ýük daşamalaryň logistik zynjyrlarynda düýpli özgerişlere getirer we onuň Merkezi Aziýanyň deňiz derwezesi hökmünde eýeleýän ähmiýetini has-da artdyrar.

Ulag ulgamyny ösdürmegiň, ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmegiň ileri tutulýan ugurlary «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» kesgitlenendir. Ýurdumyzyň milli ulag syýasatynyň esasy ugurlaryny özünde jemleýän bu resminamada ulagyň ähli görnüşiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, degişli düzümleri döretmek, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işleri geçirmek hem-de strategik maksatlaryň uly toplumyna ýetmek wezipeleri göz öňünde tutulýar. Döwletimiziň ägirt uly üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini netijeli ulanmak arkaly, birleşen multimodal üstaşyr ulag geçelgelerini we ulgamlary döretmek-de onuň esasy wezipeleriniň biridir.

“Açyk gapylar”, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny alyp barýan Türkmenistan halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň köpşahaly toruny emele getirmek boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde utgaşykly sebit we sebitara logistika ulgamyny döretmek, Merkezi Aziýany, Ýewropany, Hazar, Gara deňzi we Baltika sebitlerini, Orta hem-de Ýakyn Gündogary, Günorta, Günorta-Gündogar Aziýany baglanyşdyrýan döwletara üstaşyr geçelgelerini kemala getirmek boýunça iri taslamalar amala aşyrylýar. Bu ugurda yzygiderli işleri alyp barmak bilen, ýurdumyz sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerine özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara uly goşant goşýar.

Şu nukdaýnazardan, paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän halkara forumyň hem ähmiýeti uludyr. Ulaglaryň özara baglanyşygyny ýokarlandyrmak, strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek, durnukly we inklýuziw ulag ulgamlary boýunça netijeli çözgütleri işläp taýýarlamak hem-de “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly transformasiýa, ekologiýa taýdan arassa logistikany goldamak we durnukly ulag barada jemgyýetçiligiň habardarlygyny artdyrmak bu giň möçberli halkara çäräniň esasy maksady bolup durýar.

Gülnur Hojaýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby. 

Ýene-de okaň

Saglygyň gadryny bileliň!

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri