SIZDEN GELENLER

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler kämil bilimli, zehinli, watansöýüji nesli kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bu babatdaky tagallalardan ruhlanyp, ýaş nesle milli ruhda bilim-terbiýe bermekde we olaryň tebigy zehinleridir ukyplaryny ösdürmekde döredijilikli zähmet çekilýär.

Her bir milletiň, döwletiň özboluşly däpleri, dessurlary, urp-adatlary, edim-gylymlary we milli ýol-ýörelgeleri bar. Her bir milletde çaga terbiýesine, nesil terbiýesine aýratyn üns berilýär. Türkmen halkymyz bäş müň ýyllyk taryhynyň dowamynda çaga terbiýesindäki millilik ýol-ýörelgelerini kämilleşdirip, halkymyz nesil terbiýesinde milli çaga oýunlaryna uly ähmiýet berip gelipdir. Ir döwürlerden bäri, halkymyz çagalary kiçilikden durmuşa uýgunlaşdyrmak, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn we sazlaşykly ösüp kemala gelmeklerini gazanmak maksady bilen, terbiýeçilik ähmiýeti uly bolan çaga oýunlaryna uly orun berip gelipdir.

Şolaryň hatarynda sanawaçlary hem agzaman geçmek bolmaýar. Sanawaçlar – şahyrana halk döredijiliginiñ, esasan, çaga durmuşy, çaga oýunlary bilen baglanyşykly görnüşleriniñ biridir. Bu görnüşiñ adalgasy “sanamak” sözunden döräp, ol tekst-bentleri ýüzugra sanap çykmaklygy, ýagny aýtmagy añladýar. Sanawaçlar goşgy formasynda uly bolmadyk şygyrlar, gepleşikler, sahnajyklar görnüşinde döredilýär. Olarda belli bir ideýa giň hem-de hertaraplaýyn beýan edilmeýär. Sanawaçlar çagalar üçin ulular tarapyndan döredilen, dilden aýdylýan, çagalaryň özleri tarapyndan ýerine ýetirilýän žanrdyr. Sanawaçlara – oýun sanawaçlary hem diýilýär.

Sanawaçlar, esasan, çagalaryň ýetginjeklik döwrüne çenli döredilen setirlerdir.Olar kiçi hem uly ýaşly çagalaryň arasynda aýdylýan sadaja şygyrlardyr.

Sanawaçlar göwrümi taýyndan uly hem kiçi bolup bilýärler. Az setirli gysgajyk sanawaçlar ýaş çagalara, göwrümi uly sanawaçlar uly ýaşly çagalara niýetlenilýär. Sanawaçlaryň köpçülik bolup ýerine ýetirilýäni-de bar. Käbiri bolsa ikibir-ikibir bolnup ýa-da ýekelikde ýerine ýetirilýär.

Aýdylyş aýratynlygy boýunça sanawaçlar iki topara bölünýär:

1.Bir ýerde oturyp aýdylýan sanawaçlar.

2.Ýörite oýun hereketinde aýdylýan sanawaçlar.

Oýun sanawaçlarynyň birinji toparynda oýnamak üçin çaganyň ýatkeş bolmagy zerurdyr. Oýna gatnaşýan çaga sanawaçlaryň birnäçesini (“Şakga-şakga bilezik”, “Ýumak tapdym“, “Gar ýagar-a, gar ýagar” we ş.m) ýatdan bilmeli bolýar. Bu sanawaçlar örän ýönekeýdir. Olar çagalaryň düşünjesine laýyklykda, başaraýjak işlerine, gündelik görýän zatlaryna bagyşlanylyp döredilýär.

Sanawaçlaryñ möçber taýdan dürli bolmagy, onda çagalaryñ ýatkeşligini endigan, etaplaýyn ösdümek maksady göz öñünde tutulýar. Sanawaçlar ýat tutulanda, ululardan yzygiderli kömek alynýar. Ýaş çagalar gysgajyk bentleri ekabyr çagalardan öwrenýär. Кöp setirli sanawaçIary bolsa uly adamlar öwredýär. Bu tebigy ýagdaý. Çünki çaganyñ ýatkeşligi birnäçe gezek eşitmek, öýkünmek arkaly ösýär, berkeýär. Sanawaçlary ulular aýdanda çagalar diñleyji bolup gatnaşýar, ony içinden gaýtalaýar. Birnäçe gezek eşidilen sözler çaganyñ añyna öz-özünden, bilniksiz ornaşyp, kynçylyksyz dile gelip durmak derejede hakydada galýar. Sanawaçlaryñ uly-kiçisi tapawudy ýok, olar çagalaryñ añynyñ täze duşünjeler, täze sözler bilen bilniksiz baýlaşmagyna hem hyzmat edýär. Ýatda galan sözler, düşünjeler kämillik ýaşa ýetende, özüniñ mazmuny bilen çagalaryñ ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar, söz sungatynyñ gözelligini duýmak ukybyny ösdürýär.

Sanawaçlary üç-dört ýaşdaky çagalardan başlap, on dört-on bäş ýaşa çenli aralykdaky ýetginjekler hem sanaýarlar. Dürli mazmunly sanawaçlar esasan, oýun oýnalanda, çagalara san öwredilende sanalypdyr. Olaryň halk döredijilik eserleriniň ýomaklar, ýaňyltmaçlar, matallar ýaly görnüşleri bilen ýakynlygynyň duýulmagy sanawaçlaryň halkyň ruhy baýlygynyň binýadyny berkitmek üçin döredilendigine şaýatlyk edýär. Sanawaçlar çagalaryň yzygider, akgynly gürlemegi öwrenmeklerine niýetlenen bolsa-da, olaryň maksady ruhy baýlygy kemala getirmekden ybaratdyr. Şonuň üçin dürli temalardaky sanawaçlar çagalary halkymyzyň durmuş dürdäneleri bilen tanyşdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Kämil şahsyýeti kemala getirmegiň esasy şertleriniň biri-de, her bir ynsanyň halkyň ruhy dünýäsini çuňňur bilmegidir.

Ýaş nesillere döwrebap terbiýe hem-de bilim bermek babatda döredijilikli zähmet çekmäge ajaýyp şertleri döredýän, röwşen geljegimiz bolan ýaş nesil hakda uly alada edýän hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

Oguljennet Geldimuhammedowa,

Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mekdebe çenli pedagogika we psihologiýa mugallymy. 

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany