SIZDEN GELENLER

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Geçmişden şu günlere ýetirilen milli mirasymyz, medeniýetimiz we sungatymyz halkymyzyň köňül senasyna öwrülip, ýaşap gelýär. Halkyň kalbyna deňelýän milli medeniýetimiziň inçeligi, göwünlere ýakynlygy döredijilik mirasynyň egsilmez hazynadygyny äleme äşgär edýär. Halk döredijiligi bolsa şol hazynanyň açarydyr. Türkmen halkynyň baý medeni däp-dessurlaryndan habar berýän halk döredijiligi islendik döwürde-de özüniň gadyr-gymmatyny ýitirmändir. Munuň şeýledigini Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem aýdyň görmek bolýar.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, halk döredijiliginiň baý mirasyny öwrenip, ylmy taýdan seljermek, türkmen halkynyň taryhy,medeni mirasy boýunça ylmy barlaglary alyp barmak öňde duran möhüm wezipeleriň biridir

Türkmen edebiýatynyň baý hazynasy bolan halk döredijiliginde halkymyzyň durmuşy, dünýägaraýşy, däpdessurlary, pähimpaýhasy, ruhy gymmatlyklary jemlenendir. Watanyň asudalygynyň möhüm şertleri ilhalky söýmekden, olary agzybir saklamakdan ybaratdyr. Halk mekdebiniň kämil eserleri bolan halk döredijiligi hüşgärligi, ugurtapyjylygy, durmuşda halallygy, ahlak päkligi, ula hormaty, kiçä sylagy, maşgala abatlygyny, arassa zähmet çekip, rehnedini görmek ýaly häsiýetleri terbiýelemekde ähmiýetlidir.

Gadymdan bäri halk durmuşynyň, aňynyň, dünýägaraýşynyň aýnasy bolup gelýän türkmen halk döredijiligi orta mekdepleriň okuw maksatnamasynda mynasyp orun eýeleýär. Halk döredijiliginiň ertekiler, nakyllar, ýaňyltmaçlar, matallar, tapmaçalar, sanawaçlar, aýdymlar, monjugatdylar, küştdepdiler, şorta sözler, rowaýatlar ýaly görnüşleri öwrenilýär.

Türkmen medeni hem edebi mirasa örän baý halk. Ýurt Garaşsyzlygynyň geçen ýyllarynda türkmeniň köp müň ýyllyk taryhynda toplanan medeni hem edebi baýlygyny öwrenmek, halka ýetirmek häzirki ýaşlarymyzy geçmişdäki ruhy baýlyklarymyzyň esasynda terbiýeläp, olary lebzi halal, ynsanperwer, zähmetsöýer, watansöýüji adamlar edip ýetişdirmekde ep-esli işl er durmuşa geçirilýär.

Edebi mirasymyz bolan halk döredijiligimiz türkmen halkynyň köp müň ýyllyk taryhynda jemlenen akyl-paýhasynyň, edim-gylymynyň, däp-dessurynyň, niýet-päliniň, etsem-goýsamynyň jemidir. Ol biziň taryhdan edinen ýagşy sapaklarymyzyň üstüni dolduryp, geljekki nesillere goýjak mirasymyzdyr.

Bu günki günde nusgawy edebiýatymyz, halk döredijiligimiz ylmy esasda öwrenilýär we ýaş nesillere wagyz edilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler uly ähmiýete eýe bolup, medeni ugurlarda hem beýanyny tapýar.

Halk döredijilik eserlerine nakyllar, ertekiler bilen birlikde dessanlar hem degişlidir. «Görogly», «Gorkut ata» şadessanlary, «Şasenem—Garyp», «Saýatly—Hemra» ýaly dessanlar halk döredijilik eserleriniň örän baýdygyny beýan edýär. Şeýle kyssa eserlerini okamak, öwrenmek ynsan ruhuny baýlaşdyrýar. Bu eserler milli medeniýetiň ösmegine hem örän uly täsir edipdir, çünki dessanlar- daky beýan edilýän namalar bagşylar tarapyndan joşgun bilen aýdylýar, halk aýdymlaryna öwrül- ýär. Şeýle hem bu dessanlaryň aýdylyşy, toý-baýramlarda ýerine ýetirilişi milli medeniýetimiziň baýlygyny alamatlandyrýar.

Halk döredijiliginiň nusgasy bolan dessanlar sahna eserlerine hem öwrülýärler. Ynha, «Şasenem — Garyp» dessanynyň  opera hökmünde sahnada goýulmagy ünsüňi çekýär. Bu bolsa halkyň döreden eserleriniň many-mazmunlydygyny, diliniň çeperdigini beýan edýär. Şeýle bolmak bilen bir hatarda opera sungatyny ösdürmekde dessanlardan peýdalanmak uly ähmiýete eýe bolýar. Şonuň üçin hem ýaşlara milli medeniýetimiz öwredilende olaryň çeper edebiýaty köp okamaklary, halk döredijilik eserlerine ýüzlenmekleri hakynda beýan edýäris. Halk döredijilik eserlerini köp okaýan talybyň dil baýlygy hem örän giň bolýar, çeper sözleýşiň inçe ýollaryna göz ýetirýär.

Medeniýet — döwrüň hem jemgyýetiň ruhy sütüni, ynsan durmuşynyň ýeten derejesiniň we geljeginiň keşbiniň aýdyň beýany. Medeniýeti öwreniş ylmynda «Medeniýetiň filosofiýasy» diýen düşünjä gabat gelinýär. Medeniýetiň filosofiýasy adama öz içki dünýäsini tapmakda, durmuşa döredijilikli garamakda, pähim-paýhasa ýol açmakda, adamzadyň öz bagtyny tapmagynda esasy daýanç çeşmesi bolup durýar. Pähim-paýhasa bolan ýol adamdan ruhy ösüşi talap edýär. Pelsepeçiler  kalbyň açyklygy adamyň gözellige bolan gatnaşygyny görkezýändigini, ynsanperwerligiň şol gatnaşyklaryň esasyny düzýändigini belleýärler. Milli medeniýetimizi, halk döredijilik eserlerimizi ylmy esasda öwrenmek bilen bir hatarda olary ýaşlara öwretmek asylly ýörelgämiz bolup durýar. Şunda halk döredijilik eserleriniň hem, halk döredijilik eserleri bolan dessanlaryň hem uly ähmiýete eýedigini bellemek gerek.

Milli mirasymyz ösdürmegi we kämilleşdirmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň bir hökmünde kesgitlän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolup, taryhy tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!

Gözel Erkinowa, 

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň

“Pars dili we edebiýaty” hünäriniň 5-nji ýyl talyby. 

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany