SIZDEN GELENLER

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi

Sagdynlyk ynsan durmuşyny gözelleşdirýän, ony geljege sary umytlandyrýan sütündir. Hut şonuň üçin, bu tükenmez baýlygy aýawly saklamak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Çünki sagdyn ynsanlardan, sagdyn jemgyýet emele gelýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda saglygy goraýyş ulgamynda geçirilen özgertmeleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda işlenip düzülen we bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna esaslanýar.

Kabul edilen degişli resminamada göz öňünde tutulan ugurlar boýunça işler dowamly amala aşyrylmak bilen, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamy döredildi. Gaýtadan kabul edilip, degişli maksatnamanyň çäklerinde has giň gerimli wezipeleriň kesgitlenendigini we olaryň gyşarnyksyz ýerine ýetirilýändigini bellemek ýakymlydyr.

Ýurdumyzda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň döredilmegi bilen, dürli görnüşli lukmançylyk serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, geljekde ol önümler ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini has-da artdyrar. Üstümizdäki ýylda hem Aşgabat şäherinde täze Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleri, Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Mary şäherinde welaýat hem-de şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edara binasy açylyp ulanylmaga berildi.

Mundan başga-da, häzirki wagtda gurluşygy dowam etdirilýän Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, Halkara pediatriýa we Halkara stomatologiýa merkezleriniň hem geljekde ildeşlerimiziň saglygyny dikeltmekde uly orny eýelejekdigi bellärliklidir. Ýene-de buýsançly habarlaryň biri hökmünde bellemeli zatlaryň biri-de, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik işiniň XVI jildiniň çapdan çykmagydyr. Ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň, miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri giňişleýin beýan edilýän bu düýpli ylmy iş okyjylara adamzadyň gazanan üstünlikleriniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk ylmyna uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesi hem-de däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Arassaçylyk — jemgyýetiň saglygyny kepillendirýär. Hususan-da, häzirki wagtda Türkmenistan saglygy goraýyş ulgamynyň ilatyň arassaçylyk-epidemiologik abadançylygyny üpjün etmek ýaly ugurda dünýäniň köp döwletleri üçin nusgalyk ýurtdur. Bu ulgamda alnyp barylýan giň möçberli işler raýatlaryň saglygyny pugtalandyrmak, durmuş üçin howpsuz şertleri döretmek, ýokanç keselleriň öňüni almak ýaly möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan durmuş ugurly syýasaty netijesinde Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär, onuň barlaghanalary halkara ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap enjamlar bilen üpjün edilýär.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlardaky, şäherlerdäki we etraplardaky gulluklaryň täze binalaryny gurmak, ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Bu edaralaryň işi ilatyň saglygyny daşky gurşawyň zyýanly fiziki, himiki we biologiki täsirlerinden, şol sanda dürli ýokançlardan goramaga hem-de ýokary netijeli öňüni alyş çärelerini geçirmäge gönükdirilendir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň köptaraply, il-ýurt bähbitli başlangyçlary netijesinde Türkmenistan dünýäde uly abraýa eýe bolup, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrüldi. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlaryny dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halk hakyndaky aladalarynyň, ata Watanymyzy ösdürmek üçin edýän bimöçber yhlasynyň, ýadawsyz gözlegleriniň miwesidir.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatdaky oňyn tejribesi dünýä bileleşiginiň, iri halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň giň ykrarnamasyna eýe boldy. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, ýurdumyzda dünýä derejesindäki saglyk merkezleri, hassahanalar, şypahanalar bilen bilelikde derman senagatynyň iri kärhanalary hem gurlup ulanylmaga berilýär. Mahlasy, saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler sanardan kän. Şeýlekin mümkinçilikler Garaşsyzlygymyzyň bize beren ajaýyp miweleridir.

Goý, Garaşsyzlygymyzyň binýadyny barha berkidip, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda irginsiz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Ogulsona Bekowa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti