SPORT

Aleksandr Usik-Taýson Fýuri: ýylyň boksy Saud Arabystanyda geçiriler

Ýylyň iň uly şowhuny bolan boks ýaryşyna ýene-de 1 aýdan az wagt galdy. 21-nji dekabrda Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde uly boks gijesi geçiriler. Onda Aleksandr Usik bilen Taýson Fýuri jogap tutluşygyna çykar.

Bu boks tutluşygy WBC, IBO, WBO, WBA (Super) we The Ring çempionlyk guşaklary üçin geçiriler.

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 18-nji maýynda Aleksadr Usik iň agyr agramda dünýäniň absolýut çempiony boldy. Ukrain boksçy bu tutluşykda Taýson Fýurini eminleriň biragyzdan çykaran netijesi bilen ýeňipdi.

Jogap tutluşygynda Usik umumy pul möçberiniň 60 göterimini, Fýuri bolsa 40 göterimini alar. “The Sportster” neşiriniň maglumatyna görä, bu boks ýaryşynyň pul baýragy 190 million dollar. Şeýlelikde, Usik 114 million, Fýuri bolsa 76 million dollar gazanar.

 

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi