SPORT

2 ýyldan soňra ozalky toparyna gaýdyp geldi

Germaniýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Timo Werner Angliýanyň “Çelsi” toparyndan Germaniýanyň “Leýpsig” toparyna gaýdyp geldi. Bu barada nemes toparynyň metbugat gullugy habar berýär.

Nemes topary ozalky futbolçysy bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşar. 26 ýaşyndaky Werner “Leýpsig” toparyndan “Çelsi” toparyna 2020-nji ýylda geçipdi. Ol iňlis toparynyň düzüminde Çempionlar ligasynyň ýeňijisi, UEFA-nyň Superkubogynyň we klublaryň dünýä çempionatynyň çempiony bolupdy.

Werner “Çelsi” toparynyň düzüminde 89 duşuşykda oýnap, 23 gol geçirdi. Ol Germaniýanyň “Leýpsig” toparynda bolsa, 2016-2020-nji ýyllar aralygynda oýnap, 156 duşuşykda 90 gezek tapawutlanypdy. Werneriň ilkinji professional topary Germaniýanyň “Ştutgart” topary bolupdy.

Ol Germaniýanyň ýygyndysynyň düzüminde 53 duşuşykda 24 gol geçirdi. Ol 2017-nji ýylda ýygyndy bilen Konfederasiýa kubogyny gazanypdy.

Related posts

Ronaldodan rekord

Ata Watan Eserleri

26 ýyllyk sport rekordy täzelendi

Ata Watan Eserleri

“Çelsi” toparyny satyn aljak mälim boldy

Ata Watan Eserleri