SPORT

Gwardiola “Mançester Siti” topary bilen 2 ýyllyk täze şertnama baglaşdy

Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň resmi web sahypasynda toparyň baş tälimçisi Hosep Guardiola bilen 2 ýyllyk täze şertnama gol çekilendigini habar berildi.

Mundan ozal, habar beriş serişdelerinde 53 ýaşly tälimçiniň täze iş şertnamasynyň “1 + 1” meýilnamasyna laýyklykda baglaşylandygy barada maglumatlar peýda boldy. 2025/2026-njy möwsüminiň ahyrynda şertnama täze möwsüm üçin uzaldylyp bilinjekdigi bellenilipdi.

Guardiolanyň öňki şertnamasy şu möwsümiň ahyryna çenli dowam edýär.

Ispaniýaly hünärmen 2016-njy ýylda iňlis klubynyň baş tälimçisi wezipesine bellendi. Guardiolanyň ýolbaşçylygynda bu topar 6 gezek Angliýanyň çempiony boldy we Çempionlar ligasynda-da ýeňiji boldy.

Häzirki möwsümiň 11-nji tapgyryndan soň, “Mançester Siti” topary 23 utuk jemledi we häzirki wagtda ikinji orunda barýar.

Related posts

Çempionlar ligasynyň taryhyndaky iň owadan gol

Ata Watan Eserleri

Futbol janköýerleri üçin hoş habar

Hawi “Barselona” tälimçi bolup dolandy

Ata Watan Eserleri