SPORT

Türkmenistanly samboçy gyzlar dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy

Şu günler Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde sambo boýunça dünýä çempionaty geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň sambo ýygyndysy hem gatnaşýar. Çempionatyň ilkinji gününde türkmen zenan türgenleri 2 bürünç medal gazandy.

Bu abraýly ýaryşa 80 döwletden 470 türgen gatnaşýar.

Ýaryşyň birinji gününiň jemleri boýunça söweş sambosy boýunça 54 kg agramda çykyş eden Zarina Abdyrahmanowa hem-de 72 kg agramda çykyş eden Gulzada Jorakulyýewa bürün medalyň eýeleri boldular.

Zenan türgenlerimiz bu üstünlige tälimçisi Dawud Nuryýewiň tälimçiliginde gazanmagy başardylar.

Mälim bolşy ýaly, sambo boýunça dünýä çempionatynda 31 medal toplumy ugrunda erkek we zenan türgenler sport sambosy hem-de söweş sambosy boýunça bäsleşýärler. Şeýle hem ýaryşda “SVI-1” toparyna degişli gözi görmeýän erkek türgenleriň arasynda ýaryşlar gurnalýar.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler