SPORT

«Arkadag» topary ilkinji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyny eýeledi

«Arkadag» topary Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrunda geçen oýunda «Ahaly» ýeňlişe sezewar etdi. Balkanabat şäherinde geçirilen duşuşyk 3:1 hasabynda Arkadag şäheriniň adybir toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy.

«Arkadag» toparyna ýeňiş getiren gollary Şamämmet Hydyrow (2) bilen Şanazar Tirkişow. «Ahalyň» düzüminde Yslam Annamyradow tapawutlandy.

Şeýlelikde, 2023-nji ýylda döredilen «Arkadag» topary Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyna ilkinji gezek mynasyp boldy.

 

Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk:

 “Arkadag” – “Ahal” – 3:1

Gollar: 14,29 Şamämmet Hydyrow, 22 Şanazar Tirkişow (“Arkadag”) – 75 Yslam Annamyradow (“Ahal”)

Duýduryş: 78 Mirza Beknazarow (“Arkadag”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)

Duşuşygyň emini: Arslan Goşşanow (Tejen ş.) 

Kömekçi eminler: Şageldi Hydyrow (Balkanabat ş.), Ezizmyrat Annamyradow (Balkanabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Jumamyrat Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: Rustam Japarow (Aşgabat ş.)

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy