SPORT

Lionel Messi – XXI asyryň futbolçysy

Beýik Britaniýa hem-de Irlandiýa Respublikasyndaky “TalkSPORT” sport radio merkezi tarapyndan “Inter Maýami” toparynyň argentin ýyldyzy Lionel Messi XXI asyryň futbolçysy yglan edildi.

Bu ada eýe bolmak üçin 37 ýaşly argentin futbolçy portugal ýyldyz Kristiano Ronaldo, brazil futbolçy Ronaldinýo, fransuz futbolçy Zinedin Zidan we ispan futbolçy Andres Inýesta bilen bäsleşdi.

Lionel Messi häzirki wagtda 2023-nji tomsunda geçen Amerika yklymyndaky “Inter Maýami” toparynda çykyş edýär. Geçen ýylyň 20-nji awgustynda Messi Amerika yklymynda ilkinji kubogyny Liga kubogyny gazandy.

2022-nji ýylda Messi Argentinanyň milli ýygyndysy bilen dünýä çempiony boldy. Ol milli ýygyndynyň düzüminde 100-den gowrak gol geçiren futbolçylaryň biridir.

 

Related posts

Luis Suares Braziliýada karýerasyny dowam eder

Beýik Britaniýa 2042-nji ýylda futbol boýunça dünýä çempionatyny geçirmek isleýär

Tbiliside Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosipedli ýörişi geçirildi

Ata Watan Eserleri