SPORT

«Arkadag» topary çempionatynyň ikinji aýlawyny birinji orunda tamamlady

«Arkadag» topary Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ikinji aýlawynyň jemi boýunça toplan 42 utugy bilen birinji orny eýeledi. Arkadag şäheriniň adybir topary ikinji orunda barýan “Ahal” toparyndan 14 utuk köp toplamagy başardy.

Şu gün, 27-nji iýunda 10-njy tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygynda “Arkadag” topary öz meýdanynda paýtagtymyzyň “Altyn Asyryny” 7:3 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Şeýlelikde iki aýlawyň jemi boýunça 42 utuk toplan “Arkadag” topary ynamly birinji orny eýeleýär. Ikinji orunda 28 utuk toplan “Ahal” topary ornaşdy.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň üçünji aýlawyna şu ýylyň awgust aýynda badalga berler.

 

10-njy tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy:

 “Arkadag” – “Altyn Asyr” – 7:3

Gollar: 18 Altymyrat Annadurdyýew, 21, 35 Begenç Akmämmedow, 37 Şanazar Tirkişow, 46 Şöhrat Söýünow (öz derwezesine), 61 Şamämmet Hydyrow, 72 (11 m.j.u.) Didar Durdyýew (“Arkadag”) – 25 Süleýman Muhadow, 53 Rahman Myratberdiýew, 68 Weýisgeldi Orazdurdyýew (“Altyn Asyr”)

Geçirilen ýeri: “Arkadag” st. (Arkadag ş. )

Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.)

Kömekçi eminler: H.Abdiýazow (Daşoguz ş.), W.Boluýans (Türkmenabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Berenow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)

 

Çempionatyň tablisasy: 

T/b Toparlar O Ý D U T U
1.   «Arkadag» FK 14 14 0 0 55-7 42
2.  «Ahal» FK 14 9 1 4 29-14 28
3.  «Altyn Asyr» FK 14 8 1 5 21-19 25
4.  «Şagadam» FK 14 7 4 3 18-17 25
5. «Nebitçi» FK 14 4 3 7 8-11 15
6. «Aşgabat» FK 14 3 2 9 11-30 11
7.  «Merw» FK 14 2 3 9 7-24 9
8.  «Köpetdag» FK 14 1 2 11 7-34 5

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy