SPORT

Horwatiýa Milletler ligasynda finala çykdy

Horwatiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Milletler ligasynyň ýarym finalynda Niderlandlaryň milli ýygyndysyny goşmaça wagtda 4:2 hasabynda utup, finala ýykdy. Duşuşyk Rotterdam şäherinde geçirildi.

Duşuşygyň esasy wagty 2:2 hasabynda tamamlandy. Ýeňiş gazanan milli ýygyndyda Andreý Kramariç, Mario Paşaliç, Bruno Petkowiç we Luka Modriç tapawutlandy. Niderlandlaryň milli ýygyndysynyň düzüminde bolsa, Doniell Malen we Noa Lang gollary öz adynda ýazdyrdy.

Şeýlelikde, Horwatiýa ilkinji gezke Milletler ligasy ýaryşyňnda finala çykdy. Onuň finaldaky bäsdeşi Ispaniýa bilen Italiýanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň ýeňijisi bolar.

Milletler ligasy ýaryşy 3-nji gezek geçirilýär. Bu ýaryşyň soňky çempiony Fransiýanyň ýygyndysydyr. Ýaryşyň ilkinji gezke geçirilen ýylynda Portugaliýa ýeňiji bolupdy.

Related posts

Saud Arabystany binanyň depesinde stadion gurlar

Katardaky dünýä çempionatynda 20 müň meýletinçi hyzmat eder

Messi täze toparyna näçe gazandyrdy?

Leave a Comment