JEMGYÝET

2-nji noýabrda Saglyk ýolunda sport çäresi geçiriler

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Prezidentimizi Tatarystan Respublikasyna amala aşyran sapary hem-de BRIKS sammitine gatnaşmagy bilen gutlap, döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşyp, ony ilkinjileriň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň güni mynasybetli gutlandygyny belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy 6-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnamanyň kabul edilendigini belläp, Türkmenistanyň sport ýurdudygyny aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri şunuň bilen baglylykda, halkara sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan türgenleri sylaglamak boýunça özüniň teklipleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň möhüm kararnamasynyň kabul edilmegi mynasybetli 2-nji noýabrda sport çäresini geçirmegi, hemmeleriň bilelikde jemgyýet bolup, sagdyn-durmuş ýörelgesine eýerip, Saglyk ýolundan geçmegi teklip etdi.

Bu çärede ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarda netije gazanan ýaşyl Tugumyzy parladan türgenlerimizi gazanan sport üstünlikleri bilen gutlalyň, mynasyp bolan sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşuralyň, diýip Döwlet Baştutanymyz belledi.

Ýene-de okaň

Türkiýedäki Türkmenistanyň raýatlary üçin möhüm bildiriş!!!

San Fransisko şäherinde “Central Eurasia @ Silicon Valley 2024” çäresi geçirildi

Pakistan Yslam Respublikasynyň Allama Iqbal Open uniwersitetinde «Magtymguly Pyragynyň» burçy açyldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri zähmet rugsadyna çykýar

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň “Merkezi Aziýanyň parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamasy kabul edildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Kazanda BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy