BILIM

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersiteti Aziýa uniwersitetleriniň assosiýasiýasyna agzalyga kabul edildi

Russiýa Federasiýasynyň Altaý ülkesiniň Belokuriha şäherinde geçirilen “ALTAÝ-AZIÝA 2024”: “Altaý – Aziýa 2024: Ýewraziýa bilim giňişligi – täze maksatlar we öňdebaryjy tejribeler” atly VI Halkara Bilim Forumynda Aziýa uniwersitetleriniň assosiýasiýasynyň VI gurultaýyna Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu dabaralaryň çäginde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Aziýa uniwersitetleriniň assosiýasiýasynyň täze agzasy hökmünde resmi taýdan kabul edildi.

Assosiýasiýanyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň hatarynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Assosiýasiýanyň agzalygyna giren ilkinji ýokary okuw mekdebi bolmagy bilen gutlap, Assosiýasiýanyň düzümine girendigi baradaky degişli Şahadatnamany Uniwersitetiň wekiliýetine dabaraly ýagdaýda gowşurdylar.

Related posts

Türkmenistanda 17-nji iýuldan giriş synagy möwsümi başlanýar

Ata Watan Eserleri

Koreýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi: Talyp:2021

Ata Watan Eserleri