JEMGYÝET

Magtymguly Pyragy: Aşgabat halkara foruma taýýarlanýar

Türkmenistan 11-nji oktýabrda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma taýýarlyk görýär. Şol gün “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumy guralar. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Halkara foruma 10-dan gowrak döwletiň Prezidentleri, şeýle hem halkara guramalaryň – Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, TÜRKSOÝ, GDA, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we ÝUNESKO guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Halkara forumy 3 sany ýerde guramak göz öňünde tutulýar: Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda, “Ýyldyz” we “Garagum” myhmanhanalary. Bu halkara forumy dünýä metbugatynda giňden wagyz etmek üçin 800-den gowrak žurnalistleriň Aşgabada gelmegine garaşylýar.

Forum diňe bir özara pikir alyşmalaryň meýdançasyna öwrülmän, eýsem Magtymguly Pyragynyň miras goýan ählumumy gymmatlyklaryny maslahatlaşmak üçin ajaýyp meýdança öwrüler. Görnükli türkmen şahyrynyň döredijilik mirasy adamzady höweslendirmegi dowam etdirip, medeniýetleriň aarasynda köpri bolup durýar.

Türkmenistan bu taryhy wakanyň şaýady boljak myhmanlary we wekiliýetleri kabul etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Forumda globallaşan dünýäde özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň möhüm guralyna öwrüler.

Ýene-de okaň

BMG-niň Awazadaky forumynda žurnalistler üçin zerur şertler dörediler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awazada halkara foruma taýýarlyk görlüşi bilen tanyşdy

Türkmenistan Ukrainanyň teleýaýlymynyň habaryna nägilelik bildirdi

Ata Watan Eserleri

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampa gynanç bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri dikuçarda paýtagtymyz we Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy