JEMGYÝET

AFK-nyň klublaýyn sanawy täzelendi

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy Aziýanyň Çempionlar ligasynyň final duşuşygyndan soňra milli ýygyndylaryň we klublaryň derejesinde täze reýting sanawyny yglan etdi.

AFK-nyň resmi «Twitter» hasabynda berlen sanawa görä, klublarymyzyň soňky dört ýylyň içinde gazanan netijelerine baglylykda Türkmenistan 20-nji orny eýeledi. Biziň ýurdumyz Singapurdan bir basgançak aşakda, Liwandan bir basgançak ýokardadyr.

Hytaý, Katar we Ýaponiýa bolsa sanawyň ilkinji üç ornundan ýer aldylar.

Klublaryň reýtinginiň başyny Hytaýyň «Şanhaý SIPG» kluby çekýär. Şu ýyl Aziýanyň Çempionlar ligasynda ýeňiji bolan Saud Arabystanynyň «Al Hilaly» ikinji, Kataryň «Al Dubaýly» üçünji orunda. Klublaryň sanawynda Türkmenistandan iň ýokary netije «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Altyn asyryna» degişli. Geçen ýyl AFK-nyň kubogynyň finalyna çenli baryp ýeten, bu ýyl bolsa bassyr 6-njy çempionlygyny gazanan topar sanawda 50-nji orny eýeleýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady