Gadymy siwilizasiýalaryň mesgeni bolup durýan Anadolyda taryhyň heniz açylmadyk sahypalaryny ýüze çykarmak boýunça işler alnyp barylýar. Türkiýäniñ Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň ýolbaşçylygynda 12 aý dowam eden gazuw-agtaryş işleriniñ netijesinde kem-kemden bu sebitiň taryhy gymmatlyklarynyň üsti açylýar. Şu ýyl hünärmenler dünýä taryhyna uly täsir etjek möhüm açyşlar etdiler. Şol bir wagtyň özünde, daşary ýurtlara bikanun äkidilen medeni gymmatlyklaryñ yzyna gaýtarylyp getirilmegi boýunça işjeň işler alnyp barylýar
Türk arheologiýasynyň altyn asyry
Medeni mirasy gorap saklamak maksadyndan ugur alyp köp sanly arheologiki gazuw-agtaryş we dikeldiş taslamalaryny amala aşyrýan Türkiýe, dünýä giñişligindäki eýeleýän ornuny barha berkidýär. Ol bu ugurda öňümizdäki dört ýylda soňky 60 ýylda edilen işlerden hem köp işleri ýerine ýetirmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýyl “Türk arheologiýasynyň altyn asyry” diýlip yglan edildi. Ýurtda geçirilen arheologiki gözleg işleriniñ sany 2021-nji ýylda 670-e deň bolup, 2023-nji ýylda 720-ä ýetdi we 2024-nji ýylda 750-e, 2026- njy ýyla çenli bu görkezijiniñ 800-e ýetmegine garaşylýar. Mundan başga-da, ýadygärlikleri gorap saklamak we jahankeşdeler üçin arheologiki ýerlere gezelençler guramak boýunça işler alnyp barylýar. Geliň, 2024-nji ýylyň ılkinji sekiz aýynda arheologlaryñ ýurtda ýüze çykaran käbir gymmatly tapyndylary bilen tanyş bolalyň.
2024-nji ýylyň arheologiki tapyndylary
Şu ýylyň iň ajaýyp tapyndylarynyň biri Deñizliniň gadymy Laodikeýa şäherinde tapylan Scylla heýkelleridir. Täsin heýkeller wagşy jandar Scyllanyň kellesi we eli, ýabany itler tarapyndan hüjüm edilen Odisseýiň we ýoldaşlarynyň iki sany heýkeli, şeýle-de, Odisseýiň gämisiniň ýaýynyň şekilini öz içine alýar. ÝUNESKO sanawyna girizilen Aýdyndaky Afrodisiasda tapylan Zeus head (Zewsiň kellesi) heýkeli ünsleri özüne çekdi. 2000 ýyl töweregi wagtyñ geçendigine garamazdan şol taryhy heýkele uly zeper ýetmändir. Kahramanmaraş welaýatynyñ Direkli gowagynda tapylan 13.000 ýyllyk süňkden ýasalan tikin iňňesi ýenede bir agzap geçmeli artefaktlaryñ biri bolup durýar.
Neolit (giçki ýa-da täze daş asyry) döwri bilen senelenilýän dünýäniň iň gadymy şäherçeleriň biri bolan Karahantepede bolsa ýabany haýwanyň hereketini suratlandyrýan artefakt tapyldy. Haýran galdyrýan zat onuň ýabany haýwanyň hereketini şekillendiren ilkinji haýwan tapyndysy bolmagydyr. Şanlyurfadaky “Taş Tepeler” taslamasynyň çäklerinde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde arheologlar, daş plitalarda ylgaýan ýabany eşegiň oýulan şekilini ýüze çykardylar. Siwasyň gadymy Hitit Kaýalypynar şäherinde Assiriýanyň söwda koloniýalaryna degişli diýip çak edilýän 3 müñ 900 ýüz ýyllyk el-gol yzlary hem tapyldy. Antalýanyñ Kumluja kenaryndaky arheologiki guwwaslar (wodolaz) bolsa 3600 ýyllyk Minoan siwilizasiýasyna mahsus bürünç hanjar tapdylar. Bu tapyndy arheologiýa dünýäsini Ortaýer deňziniň taryhy söwda ýollaryna we medeni gatnaşyklaryna täzeden göz aýlamaga mümkinçilik döredýär.
Beýleki möhüm tapyndylar, Pamfiliýanyň iň ajaýyp şäherlerinden biri bolan gadymy Aspendosdaky 2000 müñ ýyllyk Zewsiň we Afroditiň heýkellerini we Likiýanyň Myra şäherine degişli gadymy Andriake portundan tapylan millefiori usuly bilen ýasalan bezeg panelleri öz içine alýar. Mundan başga-da, Wanyň gadymy Aýanis şäherinde üç sany bürünç galkan we Urartiýalylaryň baş hudaýy bolan Haldi üçin ýasalan başgap tapyldy. Şol tapyndylar Urart siwilizasiýasynyň metal işläp çykarmaklykdaky ussatlygyny görkezýär.
Medeni gymmatlyklaryñ gaýtarylyp berilmegi
Türkiye, bikanun äkidilen medeni gymmatlyklaryñ yzyna gaýtarylyp getirilmegi boýunça hem tutanýerli işler alyp barýar. Bu ygrarlylyk, şu ýylyň görnükli şygary bilen has hem güýçlendirildi. 2024-nji ýylda ABŞ-dan 14 sany arheologiki we etnografik artefaktlaryň ýurda gaýtarylyp getirilmegi bolsa munuň aýdyň subutnamasydyr. Olaryñ arasynda iki sany bürünç kelle şekili, gadymy Bubon (Burdur) şäherinden äpet bürünç heýkel, dürli keramiki eserler, şaýy pullary, dürli döwürdäki şaý-sepler we iki sany Osmanly döwrüne gabat gelýän hanjar bar. Türkiýe bu ugurda has köp taryhy eserleri yzyna gaýtarmak babatda kanuny we diplomatik ýollar arkaly göreşini dowam etdirýär.