SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Her gün 10 müň örtük öndürilýär

Bereket şäherindäki tikin fabriginde her gün 10 müň sany lukmançylyk örtügi öndürilýär. Ýokary hilli ol örtükler welaýatyň saglyk ulgamynyň edaralaryna, söwda nokatlaryna hem-de edara-kärhanalaryna ugradylýar.

«Türkmenistan» gazetiniň habar berşi ýaly, bu öňdebaryjy fabrikde şu ýylyň ýedi aýynda taýýarlanylan tikin önümleriniň pul hasabyndaky möçberi 9 million 961 müň manatlykdan hem gowrak boldy. Bu görkeziji göz öňünde tutulan meýilnamanyň artygy bilen berjaý edilendigini aňladýar.

Fabrikde zähmet çekýän 150-ä golaý hünärmeniň 113-si gelin-gyzlar.

Related posts

Russiýanyň dördünji sanjymy hem taýýar

Aşgabatda Abu Aly ibn Sinanyň mirasyna bagyşlanan halkara maslahaty geçiriler

Özbegistan ABŞ bilen wiza düzgünini ýönekeýleşdirmek boýunça gepleşikleri alyp barýar