SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: 4 ugur boýunça biletleri arzanladýar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy amala aşyrýan 4 ugry, ýagny Hoşimin, Milan, London we Frankfurt ugurlary boýunça awiagatnawlaryň biletlerinde ýeňillikler girizdi. Bu ýeňillikler 2024-nji ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli dowam eder. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär.

Hususan-da şeýle diýilýär:

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan täze açylan we ýerine ýetirilýän Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat, Aşgabat – Milan – Aşgabat, Aşgabat – London – Aşgabat, we Aşgabat – Frankfurt – Aşgabat halkara ugurlary boýunça 2024-nji ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli, awiabiletlerde ýeňillikler girizilendigi barada Size habar berýäris.

Related posts

Sanjymlar “Covid-19”-a garşy 90 göterim täsirli

Minsk-Türkmenbaşy ugurly ýörite gatnaw amala aşyryldy

Aşgabat-Almaty uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmak meýilleşdirilýär