JEMGYÝET

Türkmenistanda Meksikanyň ilçisi işe başlady

2024-nji ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hose Luis Martines Ernandesden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ilçini türkmen Parlamentiniň düzümi hem-de köpugurly işi bilen tanyşdyrdy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar geljekde parlamentara gatnaşyklary halkara parlament düzümleriniň çäklerinde işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hose Luis Martines Ernandes iki ýurduň bähbitlerine doly laýyk gelýän köpugurly we netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Ýene-de okaň

35 çapyksuwaryň gatnaşmagynda «Amul-Hazar» atly ýörişi geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini bedew baýramy bilen gutlady

Rustam Minnihanow: Tatarystan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde Russiýanyň esasy merkezi

Türkmenistanyň Hemişelik wekili BMG-niň Baş sekretaryna ynanç hatyny gowşurdy

Mary we Lebap welaýatlarynyň käbir etraplaryna täze häkimler bellenildi

Arkadag şäherinde jaý toýlary tutuldy