JEMGYÝET

Türkmenistan-Germaniýa gatnaşyklary: sanlar we maglumatlar

Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda ulgamlaýyn hem-de uzak möhletleýin esasda ösdürilýän gatnaşyklar dürli ylalaşyklaryň we şertnamalaryň 90-syny öz içine alýan berk hukuk binýadyna esaslanýar. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

  • Şu ýylyň sekiz aýynyň jemleri boýunça Türkmenistan bilen GFR-iň haryt dolanyşygy 210 million amerikan dollaryna deň boldy. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 63 göterim ýokarydyr.
  • 1995 — 2023-nji ýyllarda türkmen-german özara haryt dolanyşygynyň möçberi 6,7 milliard amerikan dollaryna deň boldy.
  • Häzirki wagtda ýurdumyzyň dokma pudagyndaky tehnologik enjamlaryň umumy möçberiniň 25 göterimden gowragy german kompaniýalarynyň paýyna düşýär.
  • Hyzmatdaşlyk ýyllarynda Türkmenistana umumy bahasy 468 million ýewrodan gowrak bolan «CLAAS» kysymly oba hojalyk tehnikalarynyň we olaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň 5 müňden gowragy iberildi.
  • 2023-nji ýylyň noýabrynda Berlin şäherinde geçirilen Türkmen-german işewürlik maslahatynda 20 sany ikitaraplaýyn resminama, şol sanda «2024-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň «Ýol kartasyna» gol çekildi.
  • Türkmenistanda nemes dilini öwrenýänleriň sany 30 müňe ýetýär.
  • Germaniýanyň dürli şäherlerinden halkymyzyň edebi-taryhy mirasyna degişli gymmatly golýazmalaryň 100-e golaýy ýurdumyza getirildi.

Ýene-de okaň

Amangözel Şagulyýewanyň 85 ýaşy bellendi

Özbek Liderinden Milli Liderimize minnetdarlyk haty

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanda saparda bolar

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň Prezidenti Awazadaky forumyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady

“Makul habar” elektron gazeti: BMG-niň Awaza forumyna bagyşlanan ýörite sany

“Ata Watan Media” topary BMG-niň Awaza forumyny gyzgyny bilen okyjylara ýetirdi