DÜNÝÄ

Türkmen wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasyna amala aşyran sapary hakynda

Türkmen wekiliýetiniň Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Baş konferensiýasynyň 68-nji sessiýasyna gatnaşmagynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bu sessiýanyň umumy mejlisinde çykyş etdi.

M.Bäşimowa öz çykyşynda Türkmenistan bilen IAEA-nyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygyň netijesinde ileri tutulýan ugurlar boýunça dürli derejelerde geňeşmeleri geçirmek tejribesiniň ýola goýulandygyny belledi. Türkmenistanyň amala aşyrýan ähli tagallalary Agentlik bilen geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmäge ygrarlydygyny görkezýär.

Mümkinçilikleri artdyrmak we kadalaşdyryş-utgaşdyryş işi ýaly esasy wezipeleriň durmuşa geçirilmegine garaşylýar.

18-nji sentýabrda türkmen wekiliýetiniň IAEA-nyň Baş direktory Rafael Grossi bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen IAEA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary dogrusynda pikir alyşdylar.

Atom energiýasynyň lukmançylyk, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak we suw serişdelerini dolandyrmak ýaly ugurlarda parahatçylykly maksatlar bilen ulanylmagyna aýratyn üns berildi.

Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda lukmançylyk, hususan-da onkologiýa kesellerine garşy göreşmek ugrundaky hyzmatdaşlyk görkezildi.

Şunuň bilen baglylykda bilelikde ýerine ýetirilýän işlere gözegçilik etmek üçin Türkmenistanda durmuşa geçirilýän IAEA-nyň ImPACT maksatnamasy bellenildi. Şeýle hem IAEA bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň işlenip düzülmegine aýratyn üns berildi.

***

Türkmen wekiliýetiniň Wena amala aşyran saparynyň çäginde M.Bäşimowanyň Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýd bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen CTBTO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasynyň güýje girmeginiň hem-de parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini bellediler.

Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň we BMG-niň konwensiýalarynyň, şeýle hem ýaragsyzlanmak pudagyndaky köptaraplaýyn ylalaşyklaryň gatnaşyjysy bolmak bilen, sebit we dünýä derejesinde bu prosessleri goldamagy dowam etdirmäge çalyşýandygy nygtaldy.

Taraplar ýaşlaryň arasynda CTBTO barada habarlylygy ýokarlandyrmak, CTBTO tarapyndan gurnalan seminarlara we okuwlara milli hünärmenleriň gatnaşmagy, şeýle hem tehniki goldaw bermek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri Rumyniýada tanyşdyryldy

Russiýanyň daşary işler ministri Hazarýaka döwletleriň ilçileri bilen duşuşdy

Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistanda döwlet saparynda bolar

Mottaki: Owganystan TOPH gaz geçirijisini durmuşa geçirmäge ygrarly

Prezident Ärdogan 14-nji gezek Baş Assambleýada çykyş eder

Ata Watan Eserleri