DÜNÝÄ

Hytaý Afrika 50 milliard dollar gönükdirýär

Hytaýyň hökümeti ýakynda 3 ýylyň dowamynda Afrikanyň döwletlerine bilelikdäki hyzmatdaşlyk taslamalaryna 360 milliard ýuan (50 milliard dollardan gowrak) möçberine maliýe kömegini gönükdirer. Bu barada Hytaýyň Başlygy Si Szinpin Hytaý-Afrika hyzmatdaşlygy forumynda eden çykyşynda belläp geçdi.

HHR-iň Başlygynyň bellemegine görä, 201 milliard ýuan (29.5 mlrd $) karz hökmünde berler, 80 milliard ýuan (11.2 mlrd) dürli görnüşdäki taslamalar üçin kömek hökmünde berler, 70 milliard ýuan (9.8 mlrd $) bolsa, hytaý kompaniýalarynyň maý goýumy hökmünde amala aşyrylar.

Foruma Afrikanyň 50 döwletiniň ýolbaşçylary bilen bir hatarda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş hem gatnaşýar.

Hytaý-Afrika hyzmatdaşlygy forumy 2000-nji ýyldan bäri geçirilýär. Ol nobatma-nobat Pekin hem-de Afrika döwletleriniň biriniň paýtagtynda geçirilýär. Forum Hytaý bilen Afrika döwletleriniň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Şol bir wagtda bu forum Hytaýyň “Bir guşak-bir ýol” başlangyjyny ilerletmek üçin ähmiýetlidir.

Ýene-de okaň

Szinpin: Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlaryna goldaw berer

Türkmenistan bilen Gondurasyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy

Gazagystan Hytaýa 1,5 müň sany saýgak sowgat eder

Türkmenistanyň wekiliýeti  Azerbaýjanda halkara maslahata gatnaşdy

Szinpiniň Astana sapary: 24 resminama gol çekildi

Rumyniýada türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan sergi açyldy