SPORT

Mats Hummels “Roma” toparyna goşuldy

Germaniýanyň “Borussiýa” toparynyň goragçysy Mats Hummels Italiýanyň “Roma” toparynyň düzümine goşuldy. Bu barada italýan toparynyň metbugat gullugy habar berýär.

Italiýanyň paýtagtynyň topary 35 ýaşyndaky nemes futbolçy bilen 1 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Ol täze toparyna 15 belgili köýnekçede çykyş eder.

Mälim bolşy ýaly, Mats Hummels Germaniýanyň milli ýygyndysy bilen dünýä çempiony boldy. Ol “Borussiýa” toparynyň düzüminde geçen möwsümde 40 duşuykda oýnady.

Related posts

Žoau Feliks “Al-Nasryň” futbolçysy boldy

Taýson Fýuri bilen Entoni Joşua Nýu-Ýorkda ringe çykar

Kriptopuluny döretjek ilkinji futbolçy bolar

Ata Watan Eserleri