SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Tailandyň syýahatçylyk girdejisi 53 milliard dollar bolar

Tailand ýylyň ahyryna çenli 36 million daşary ýurtly syýahatçyny kabul eder we 1,8 trillion bat (53 milliard dollar) syýahatçylyk pudagyndan girdeji alar. Hasabata görä, bu barada “Bangkok Post” gazeti habar berýär.

Tailandyň Syýahatçylyk guramasynyň başlygy Thapani Kiatphaibonyň bellemegine görä, bu 93 ýurduň raýatlary üçin 60 günlük wizasyz düzgüniň, şeýle hem howa gatnawlarynyň 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 82 göterim artmagy bilen berk baglanyşyklydyr.

Şeýlelik bilen, Tailand 2024-nji ýyl üçin çaklanan 40 million daşary ýurtly syýahatçy we 2,3 trillion bat (68 milliard dollar) girdeji meýilnamasyna düzediş girizdi.

Tailandyň syýahatçylyk pudagy 2023-nji ýylda 28 milliondan gowrak daşary ýurtly syýahatçy kabul etmek bilen 1,2 trillion bat (35 milliard dollar) girdeji gazandy.

Ýene-de okaň

Üstünlikler, tejribeler, hyzmatdaşlyk…

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XVII jildi tanyşdyryldy

Mary welaýat inçekesel hassahanasy açyldy

Aşgabatda täze, döwrebap saglyk öýi açyldy

Ýurdumyzda täze saglygy goraýyş desgalarynyň düýbi tutuldy

“Şadyýan gurluşyk” hojalyk jemgyýeti Tejen we Daşoguz şäherlerinde saglyk merkezlerini gurar