SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Tatneft” kompaniýasy Türkmenistanda lukmançylyk polipropileni öndürmäge gyzyklanma bildirýär

Tatarystanyň Kazan şäherinde söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Kazan şäherinde iş saparynda bolup, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň mejlisine gatnaşdy.

“Tatneft” kompaniýasy Türkmenistanyň çäginde lukmançylyk polipropileniň önümçiligini ýola gýomak, şeýle hem lukmançylyk klasterinde erginleriň we lukmançylyk enjamlarynyň önümçiligini döretmäge gyzyklanma bildirýär. Bu barada türkmen-tatar iş toparynyň mejlisiniň barşynda kompaniýanyň Türkmenistandaky şahamçasynyň müdiri Ildar Burganow habar berdi.

– Biz türkmen tarapynyň teklibi boýunça Türkmenistanyň çäginde lukmançylyk polipropileniniň önümçiligini öwrenýäris. Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda poliporpileniň önümçilik mümkinçiligini üpjün etmek üçin goşmaça toplumyň gurluşygy zerur bolup durýar – diýip, tatar kompaniýasynyň wekili belledi.

Şeýle hem “Tatneft” kompaniýasy Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterinde erginleriň we lukmançylyk enjamlarynyň önümçiligi boýunça hem gyzyklanma bildirýär.

Tatar kompaniýanyň Türkmenistandaky şahamçasynyň müdiri Ildar Burganow şu ýylyň ahyryna çenli Goturdepe ýatagynda nebitiň önümçiligini 800 müň tonnadan geçirmegi meýilleşdirýändiklerini aýtdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar