BIZNES

Türkmenistan Tatarystana sement eksport etmäge taýýar

Türkmenistan Tatarystana sement we beýleki gurluşyk harytlaryny ibermäge taýýardyr. Bu barada Kazan şäherinde geçirilen söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň 9-njy mejlisine gatnaşan Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew belläp geçdi.

– Şu ýyl her biri 1 million tonna sement öndürmäge ukyply bolan 2 sany sement zawody işe girizildi. Şonuň üçin bu ugurda ägirt uly mümkinçilik bar – diýip, ministr belledi.

Türkmenistanyň ähli sement zawodlarynyň ýyllyk önümçilik kuwwatynyň 5 million tonna deňdir. Olarda häzirki zaman tehnologiýalary esasynda iň köp talap bildirilýän sement görnüşleri öndürilýär.

Tatarystanyň senagat we söwda ministri Oleg Korobçenko Tatarystanda köp möçberde desgalaryň gurulýandygyny belläp, sement ýetmezçiliginiň ýüze çykýandygyny aýtdy.

– Şu ýyl hatda Eýrandna hem getirildi. Özara haspalaşyklarymyza seredip, şu ýyl bolmasa-da, indiki ýyl sement getirmek boýunça şertnama baglaşyp bolar – diýip, tatar ministri nygtady.

Related posts

«Dokma» onlaýn söwda meýdançasy önümleriň giň görnüşlerine elýeterliligi artdyrýar

Hindistanyň we Gyrgyzystanyň wekilleri türkmen dokma önümlerini satyn aldylar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Türkmenistan bilen “Petronas” kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy bellenildi