BIZNES

Türkmenistan bilen Türkiýe ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew 15-18-nji oktýabrda Türkiýe Respublikasynda geçirilen Halkara ýol federasiýasynyň dünýä kongresine gatnaşdy. Bu barada türk metbugaty habar berýär.

Bu forumyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň Halkara awtomobil gatnawlary assosiasiýasynyň (UND) wekilleri bilen duşuşdy.

Bu duşuşyga türk tarapyndan ulag hyzmatlary boýunça baş müdirligiň ýolbaşçysy Murat Başar, bölüm müdiri Hasan Boz, Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsuly Muhammetnur Öwezow, Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň (TULM) wekili Orazmyrat Hydyrow gatnaşdy.

Duşuşykda Türkmenistanyň ulag ulgamynyň Hytaý-Ýewropa ugry boýunça Orta geçelgedäki halkara awtomobil gatnamalaryna gatnaşmagy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Tükrmen tarapy 2025-nji ýylda Türkmenistanyň söwda flotunyň düzümine “Ro-Pax” kysymly gämileriň 2-siniň goşuljakdygyny belläp, munuň Hazar deňzinde yzygiderli hyzmatlary amala aşyrmak üçin möhüm bolup durýandygyny belledi.

Şeýle hem iki ýurduň arasynda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada gürrüň edildi. Iki ýurduň ulag düzümleriniň ýolbaşçylary gümrük amallaryny resmileşdirmek, Türkmenbaşy portuna baryp görmek, türki döwletleriň giňişliginde elektron geçiş resminamalaryny ulanmak babatda hyzmatdaşlyk etmek babatda ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň serhetüsti ýük dolanşygynyň möçberleri ýokarlandy

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi