SPORT

Ronaldo: futbol karýerasyny “Al-Nasr” toparynda jemlemekçi

Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” toparynyň düzüminde çykyş edýän portugal ýyldyz Kristiano Ronaldo futbol karýerasyny tamamlandan soňra tälimçi bolmagy göz öňünde tutmaýandygyny aýtdy.

– Häzirki wagtda tälimçi bolmagy göz öňünde tutmaýaryn. Men öz geljegimi başga ugurlarda görýärin. Futbol bilen baglanyşykly bolmadyk ugurlarda iş alyp bararyn. Ýöne entek belli zat ýok – diýip, Ronaldo beren beýanatynda öz geljegi barada belläp geçdi.

39 ýaşyndaky Ronaldo haçan futboly taşlajakdygy barada belli bir netijä gelmändigini aýdyp, futboly häzirki çykyş edýän “Al-Nasr” atly saud toparynda bes etmegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

Tejribeli futbolçy saud toparynda bagtlydygyny, Saud Arabystanyda futbol oýnamagy halaýandygyny we dowam etdirmegi göz öňünde tutýandygyny belledi.

5 gezek “Altyn pökgi” baýragynyň hem-de 5 gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi bolan Ronaldo Portugaliýanyň, Angliýanyň we Italiýanyň güýçli toparlarynda futbol oýnady.

Related posts

Benzema, Firmino we Henderson Saud Arabystanydan gaýtmak isleýär

Türkmen agyr atletikaçy ilkinji gezek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşdy

Türkmenistanyň futbol täzelikleri