SPORT

Türkmenistanyň zenan emini Aziýa oýunlarynda üstünlikli eminlik etdi

Ýaponiýada geçirilýän XX Aziýa oýunlarynyň (Aichi-Nagoya 2026) çäginde zenan eminimiz Kristina Bersenýowa Özbegistan hem-de Gonkong (Hytaý) ýygyndylarynyň arasynda geçirilen duşuşykda kömekçi emin (AR 2 – Assistant Referee 2) hökmünde üstünlikli zähmet çekdi.

Oýnuň maglumatlary:

Bäsleşigiň tapgyry: “G” topary, 3-nji oýun güni

Sene we wagty: 21-nji sentýabr, sagat 16:00

Geçirilen ýeri: “Wave stadium Kariya” stadiony

Oýnaýan toparlar: Özbegistan – Gonkong, Hytaý

Eminlik wezipesi: Kristina Bersenýowa (AR 2 – Kömekçi emin)

Oýnuň netijesi: Özbegistan – Gonkong (Hytaý) 2:1

Milli eminimiziňhalkara derjesindäki uly ýaryşda eminlik etmegi türkmen futboly we sport dünýämiz üçin uly buýsançdyr! Eminimize geljekki oýunlarynda-da uly üstünlikler arzuw edýäris!

Related posts

«Tottenhemiň» kapitany Kristian Romero «Atletiko» geçdi

“Liwerpul” – Angliýa ligasynyň kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Şu ýyl «Realda» diňe iki futbolçy şikes amady