SPORT

“Ahal” topary AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasyna gatnaşar

Ýurdumyzyň “Ahal” futbol topary myhmançylykda Täjigistanyň “Regar Tadaz” kluby bilen AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrynda bu çempionatyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik almak üçin aýgytly duşuşyk geçirdi. Duşuşyk “Ahal” futbol toparynyň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy.

Duşuşyk ilkinji minutlardan garşylyklaýyn hüjümlere we derwezä dürs ýerine ýetirilen urgulara baý boldy. Hasaby 62-nji minutda “Ahalyň” düzüminden Bagtyýar Gürgenow açdy. Jogap goluny girizmekde garşydaş topar uzak eglenmedi. 64-nji minutda Dawid Atsam uzak aralykdan dürs urgy bilen gol geçirdi. (1:1) “Ahala” ýeňiş getiren goly 82-nji minutda Hakmuhammet Bäşimowyň ussatlyk bilen geçiren pasyna Süleýman Mirzoýew geçirdi.

Şeýlelik bilen, “Ahal” topary AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmaga ýollanma aldy. Ýaryşyň bije çekilişigi 15-nji awgustda geçiriler.

Bu çempionata “Ahal” futbol topary bilen bilelikde “Arkadag” topary hem ýurdumyza wekilçilik edýär.

Täjigistanyň Tursunzade şäherindäki merkezi “TALKO-Arena” stadionynda geçen duşuşykda “Ahal” futbol toparyna öz öýünde 2:1 ýeňilen Täjigistanyň “Regar Tadaz” kluby AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş etmäge mümkinçilik aldy.

Ýene-de okaň

Tedesko “Fenerbahçe” toparynyň tälimçiliginden boşadyldy

“Akylly” şäherde futbol bäsleşigi

Saud topary Aziýanyň Çempionlar ligasynyň çempiony boldy

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy