TEHNOLOGIÝA

“Starlink” Gazagystanda ýörite internet hyzmatlaryny bermäge başlady

Amerikanyň ýörite awiakosmos kompaniýasy “SpaceX”-iň bölümi bolan “Starlink” kompaniýasy Gazagystanyň çäginde ýörite internet hyzmatlaryny bermäge başlaýar, diýip Gazagystanyň Sanly ösüş, innowasiýalar we awiakosmos senagaty ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

«2025-nji ýylyň 13-nji awgustyndan başlap, “Starlink” kompaniýasy Gazagystan Respublikasynyň çäginde ýörite internet hyzmatlaryny resmi taýdan bermäge başlaýar. Şonuň netijesinde ýurduň ýaşaýjylary “SpaceX”-e degişli “Starlink”-iň pes orbitli ýörite ulgamy arkaly ýokary tizlikli we ygtybarly internete eýe bolup bilerler» diýip, ministrligiň “Telegram” kanalynda ýaýradylan habarda aýdylýar.

Şeýle hem, 2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Gazagystanyň Sanly ösüş ministrligi bilen “Starlink” kompaniýasynyň arasynda ylalaşyk baglaşylyp, onda internet hyzmat berlende Gazagystanyň kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmek hem göz öňünde tutulandyr.

«Starlink tehnologiýasy, iň uzak we elýetmez ýerlerde-de ygtybarly birikmäni üpjün edýär we halk üçin häzirki zaman sanly hyzmatlara elýeterliligi döredýär» diýip, habarda bellenilýär.

2027-nji ýylyň ahyryna çenli 3 müňden gowrak obany ýokary tizlikli internet bilen üpjün etmek göz öňünde tutulyp, bu bolsa Gazagystanyň oba ýerleriniň 99%-ni öz içine almagyň meýilleşdirilýändigi habar berildi.

Şeýle hem 2027-nji ýylyň ahyryna çenli Gazagystanyň döwlet we welaýat ähmiýetli awtoýollarynda mobil internetiň elýeterli boljakdygy hem bellenildi.

Ýene-de okaň

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar