SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türkmenhowaýollary” Kazan we Jidde ugurlaryna uçar gatnawlaryň sanyny artdyrýar

26-njy oktýabrdan başlap, “Türkmenistan” awiakompaniýasy Kazan we Jidde ugurlaryna has köp gatnaw ýerine ýetirer. Muny awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda çap edilen täze uçuş tertibi tassyklaýar.

Kazan ugry boýunça gatnawlaryň ýygylygy hepdede iki gatnawdan dörde çenli artar. Uçuşlar sişenbe, çarşenbe, şenbe we ýekşenbe günleri amala aşyrylar.

Jidde ugry boýunça gatnawlaryň sany hepdede ikiden üçe çenli ýokarlanar. Indi olar sişenbe, çarşenbe we anna günleri ýerine ýetirilýär.

Täzelenen uçuş tertibi awiakompaniýanyň web sahypasynda elýeterli bolup, ýolagçylar uçuşlaryň takyk wagtlaryny görüp bilerler we bilet sargyt edip bilerler.

Ýene-de okaň

Aşgabat–Türkmenbaşy ugry boýunça 4 sany uçar gatnawy ýerine ýetirilýär

“Air Belgium” Aşgabat arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar

Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygy boýunça 5 ýyllyk maksatnama tassyklandy

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy