SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türkmenistan” awiakompaniýasy : Noýabr aýy üçin biletler satylýar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy, Moskwa we Kazan ugry boýunça Noýabr aýy üçin halkara uçar biletleri satyp başlady. Bu barada https://turkmenistanairlines.ru saýtynda habar berilýär. Noýabr aýy üçin uçuş senenamasy barada maglumaty goşmaça ýetireris.

Bar bolan maglumatlara görä, Stambuldaky Türkmenistan awiakompaniýasynyň kassasy, Stambul-Türkmenbaşy ugruna Noýabr aýy üçin biletleri satýar.

Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde “Türkmenistan” awiakompaniýasy, Dubaý, Kazan, Moskwa, Frankfurt we Stambul ugryna adaty uçar gatnawlaryna dowam edýär. Ýakynda bolsa  has takygy 15-nji Oktýabrda Minsk ugruna hem adaty uçar gatnawlary başlaýar. Şeýle hem, ýakynda Russiýa Federasiýasynyň “S7” awiakompaniýasy Tükrmenistana adaty uçar gatnawlaryny ýola goýýar. Habar berlişine görä, şu ýylyň 17-nji oktýabryndan “S7” awiakompaniýasy  Moskwa-Türkmenbaşy-Moskwa ugry boýunça adaty tertipde gatnawlary amala aşyryp başlaýar. Şeýle hem Belarus Respublikasynyň “Belawia” awiakompaniýasy öz gezeginde Türkmenistan ugry boýunça uçar gatnawlaryny amala aşyrmagy göz öňünde tutýar. Bellemeli zat, ýakynda Türkiýäniň “Türk howa ýollary” awiakompaniýasynyň hem adaty uçar gatnawlara başlamagyna garaşylýar.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/turkiyanin-halkara-abrayly-yokary-okuw-mekdepleri-2022/

Related posts

Türkiýä syýahata gidesiň gelýärmi ? Syýahatçylyk wizasy üçin gerek bolan resminamalar

Ata Watan Eserleri

Plastiki hirurgiýa ugry boýunça saglygy goraýyş kömegini bermegiň tertibi tassyklandy

Dünýäniň iň garry pyşbagasy

Leave a Comment