JEMGYÝET

Aşgabatda “Türkmenistanyň Maýa goýumy-2026” atly maýa goýum forumy geçiriler

2026-njy ýylyň 1-2-nji oktýabry aralygynda paýtagtymyz Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Türkmenistanyň Maýa goýumy-2026” atly maýa goýum forumy geçiriler. Oňa “Ata Watan Media” topary hem gatnaşýar.

“Ata Watan Media” toparynyň metbugat boýunça hyzmatdaşlyk etjek forumyna dünýäniň 40-dan gowrak döwletinden 200-den gowrak halkara kompaniýalaryň gatnaşmagyna garaşylýar. 

Işewürlik maksatnamasy sekiz sessiýany we işewürlik gepleşiklerini öz içine alýar. Gatnaşyjylar nebitgaz we himiýa senagatyny, energetikany, gurluşyk, ulag we logistikany, söwdany, oba hojalyk işewürligini, innowasiýalary we ýaşyl özgertmeleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Maliýe pudagynyň gatnaşyjylarynyň arasynda Bütindünýä banky, Halkara maliýe korporasiýasy (IFC), Aziýa ösüş banky, Yslam ösüş banky we Hytaýyň eksport-import banky bar. Şeýle hem  “Oppenheimer & Co.”, “Moody’s”, “Fieldfisher”, “Canaan” we “Bitdeer” ýaly halkara guramalaryň hem gatnaşjakdygy bellenilýär.

Related posts

<>ýokary islege eýe boldy

vepa

Aşgabatda halkara guramalaryň wekilhanalary açylar

Iň baý 10 döwlet

vepa