JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Eýran 900 million dollarlyk şertnama baglaşdy

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň 17-nji mejlisi geçirildi. Mejlis toparyň başlyklary – Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşyň ýolbaşçylygynda geçirildi.

Eýranyň “IRNA” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, 17-18-nji noýabrynda geçirilen türkmen-eýran hökümetara toparynyň 17-nji mejlisiniň çäklerinde birnäçe ylalaşyklara gol çekildi. Toparyň başlyklary Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşyň arasynda türkmen-eýran Hökümetara toparynyň 17-nji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.

Şeýle hem Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda 550 million dollar möçberinde awtomobil ýoly we 340 million dollar möçberinde elektrik geçirijisiniň gurluşygy we enjamlaryň üpjün edilmegi babatdaky taslamalara gol çekilendigi mälim edildi.

Bu ýerde gürrüň, Mary (Türkmenistan) – Maşat (Eýran) elektrik geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň maliýeleşdirilmegini ýola goýmak hakynda çarçuwaly ylalaşyk hem-de «Gumdag-Etrek-Eýran serhedi» awtomobil ýoluny gurmak barada Hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama barada gürrüň gidýär.

Mundan başga-da, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň 18-nji mejlisini geljek ýylyň noýabr aýynda Eýranda geçirilmegi babatda ylalaşyldy.

Eýranyň “Tehran Times” neşiriniň habar bermegine görä, Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşyň Türkmenistanyň Eýranyň strategik hyzmatdaşlygy bolup durýandygyny belläp, ýakyn geljekde ikitaraplaýyn söwda möçberiniň 1 milliard dollara ýetjekdigini, häzirki wagtda bu görkezijiniň 500 million dollar möçberindedigini belländigi mälim edilýär.

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Türkmenistana geldi

BMG Merkezi Aziýany dünýäniň geljegi uly syýahatçylyk sebitleriniň biri diýip atlandyrdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Serhetleriň howpsuzlygy boýunça Bütindünýä kongresine gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

“Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçirilýär

Si Szinpiniň ýörite wekili «Galkynyş» gaz käniniň 4-nji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri