JEMGYÝET

Napoleonyň tagty satyldy

Fransiýanyň we dünýäniň taryhynda uly yz galdyran imperator Napoleon Bonapartyň aradan çykanyna ýene-de iki ýyldan 200 ýyl bolar. Ýöne Fransiýanyň muzeýlerinde we şahsy gymmatlyklar boýunça merkezlerinde meşhur imperatora degişli zatlar heniz hem apalanyp saklanylýar. Ýakynda bolsa onuň tagty satyldy diýip,Fransuz metpugaty habar berdi.

Napoleon Bonapartdan soňra-da, imperatorlaryň ençemesiniň kabul ediş kürsüsine öwrülen bu tagta 500 müň ýewro baha kesilendigi aýdylýar. Osenat söwda öýünde «Kim ýokary?» usulynda geçirilen satylşykda bu tagtyň hyrydary köp boldy. Ahyrynda-da ol ýokarky aýdan nyrhymyzdan satyldy. Ýöne meşhur imperatoryň tagtyny kimiň satyn alandygy mälim edilmedi.

Related posts

Ýewro-2024: Ronaldo täze rekordlar üçin meýdança çykýar

Efficiency Challenge Electric Vehicle

vepa

ARKADAG ŞÄHERI

Ata Watan Eserleri