TEHNOLOGIÝA

Aşgabat şäher häkimliginiň “Sanly şäher” mobil goşundysy tapgyrlaýyn işe girizilýär

Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän edara-kärhanalar üçin “Merkezi elektron ulgam” taslamasy işlenip taýýarlanyldy we tapgyrlaýyn birnäçe programmalar işe girizildi.

Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän düzümleriniň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatynda bellenilip geçildi.

“Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ilata edilýän jemagat hyzmatlaryny sanly ulgama geçirmek, raýatlaryň hyzmatlar üçin töleglerini onlaýn usulda töläp bilmekleri babatda oňaýly şertleri döretmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän edara-kärhanalar üçin “Merkezi elektron ulgam” taslamasy işlenip taýýarlanyldy we tapgyrlaýyn birnäçe programmalar işe girizildi. Taslamanyň işe girizilmegi bilen, paýtagtymyzdaky ýaşaýyş jaýlarynyň, binalaryň, öýleriň, raýatlaryň hasabat sanawynyň döwrebap usullarda ýöredilmegi ýola goýuldy. Şeýle-de ilata jemagat hyzmatlaryny hödürleýän edara-kärhanalaryň öz hyzmatlarynyň hasabatyny elektron görnüşde ýöretmäge mümkinçilik döretdi.

Aşgabat şäher häkimliginiň sanly hyzmatlar portaly we “Sanly şäher” atly mobil goşundysy tapgyrlaýyn işe girizilip, olar hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Mundan başga-da, ilata hödürlenilýän jemagat tölegleri bir penjire ulgamy bolan döwlet hyzmatlar portalynda (e.gov.tm), ýurdumyzda giňden ulanylýan mobil goşundylarda ýerleşdirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

USAID-iň YDA taslamasy “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga çagyrýar

Ata Watan Eserleri

«Türkmentel-2024»: maglumat tehnologiýalary üçin täze mümkinçilikler açýar

Ata Watan Eserleri

“Nvidia” – dünýäniň iň gymmatly brendi

Aşgabatda 17-nji gezek “Türkmentel-2024” atly halkara sergi geçiriler

“TikTok”-yň esaslandyryjysy Hytaýyň iň baý adamy boldy