DÜNÝÄ

Ankara şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginde gül goýmak dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapynda Ankaranyň merkezinde ýerleşýän «Türkmenistan» seýilgähindäki beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyny gurnady.

Gül goýmak dabarasyna Türkiýäniň Medeniýet ministriniň orunbasary Nadır Alpaslan, Ankaradaky daşary ýurtlarynyň diplomatiki wekilhanalarynyň, Türkiýäniň dürli ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, tanymal ýazyjylar we jemgyýetçilik işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, talyplar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri gatnaşdy.

Öz çykyşlarynda gatnaşanlar Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli baýlyk bolmak bilen, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini bellediler. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň ýubileýi mynasybetli Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan edilendigini nygtadylar.

Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragynyň türkmen halky üçin özygtyýarly döwlet, erkin we bagtly durmuş baradaky arzuwlary häzirki wagtda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bellenildi.

Çäräniň ahyrynda, asylly däbe görä, ähli gatnaşyjylara we myhmanlara türkmen milli tagamlary hödür edildi.

Ýene-de okaň

Ankarada Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

680 dollarlyk kofe Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasy Bahriýa uniwersitetinde umumy sapak geçirdi

Türkmenistan Bişkekde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň III parlamentara forumyna gatnaşdy

Duşenbe GDA-nyň Baştutanlarynyň sammitini kabul etmäge taýýarlanýar

Donald Tramp Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy