IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler.

Lebap welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Saýat etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2024-nji ýylyň 28-nji iýunynda Saýat etrabynyň Saýat şäherçesiniň S.Nyýazow köçesiniň 31-nji jaýynda ýerleşýän Saýat şäher geňeşliginde, sagat 09:00-dan 11:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!

Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;

Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.

 Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: 

Saýat etrabynyň Saýat şäherçesiniň A.Nyýazow köçesiniň 31-nji jaýy     

          Habarlaşmak üçin :+99344723511; +99344721311

Related posts

Aşgabat şäher häkimligi bäsleşikleri yglan edýär

Ata Watan Eserleri

Bäsleşik: «Ýaşyl depe» suw göteriji bekedi üçin halkara bäsleşigi

Ata Watan Eserleri

Bildiriş: “Erkin gurluşyk” hususy kärhanasy

Ata Watan Eserleri