BIZNES

Türkmenistanyň wekiliýeti OPEK-iň Halkara ösüş gaznasynyň üçünji ösüş forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahimberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Wena şäherinde Nebiti edýän ýurtlar guramasynyň (OPEK) halkara ösüş gaznasy tarapyndan gurnalan üçünji ýyllyk ösüş forumyna gatnaşdy.

Forumyň çäginde, OPEK-iň Halkara ösüş gaznasynyň prezidenti Abdulhamid Alhalifa bilen gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen OPEK gaznasynyň arasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we güýçlendirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň netijesinde Türkmenistan hökümeti bilen OPEK-iň halkara ösüş gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çarçuwasy maksatnamasyna gol çekildi.

2024–2029-njy ýyllar üçin niýetlenen maksatnama, OPEK-iň halkara ösüş gaznasyny öz içine alýan köptaraplaýyn maliýe ösüş guramalary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy