12-nji iýunda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Medeniýet günleri we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen ýyla bagyşlanan çäreler öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýapon tarapy bilen özara hyzmatdaşlygy ösdürmek, dostana gatnaşyklary jebisleşdirmek, Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny işjeň ösdürmek ugrunda alyp barýan daşary syýasatynyň durmuşa geçirilişine goşant goşmak hem-de ýapon halkyny türkmen medeniýeti, sungaty, edebiýaty bilen tanyşdyrmak maksadyndan ugur alyp, ýurdumyzyň edebiýat, sungat ussatlaryndan, alymlardan ybarat bolan uly düzümdäki wekiliýeti Tokio şäherine geldi.
Düýn ýapon paýtagtynda ýerleşýän «Okura Tokyo» myhmanhanasynyň «Orçard» konsert merkezinde Türkmenistanyň bu ýurtdaky Medeniýet günleriniň hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen ýyla bagyşlanan çäreleriň açylyş dabarasy boldy. Onuň öňüsyrasynda gürrüňi edilýän konsert merkeziniň eýwanynda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň hem-de Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy. Oňa gatnaşyjylar bu ýerde görkezilýän eserlere we gelin-gyzlarymyzyň el hünärleriniň önümi bolan milli egin-eşiklerimize uly gyzyklanma bildirdiler. Munuň özi milli gymmatlyklarymyzyň ýokary kämillik derejesiniň dünýädäki ykrary bolmak bilen birlikde, döwlet Baştutanymyzyň medeni diplomatiýasynyň barha rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar.
Soňra Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Medeniýet günleriniň işine badalga berildi. Bu medeni çärä Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň Kätipliginiň başlygy Şimpeý Matsuşita, Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň parlament meseleleri boýunça orunbasary Komura Masahiro, ýerli ministrlikleriň ýolbaşçylary we wekilleri, iri kompaniýalaryň prezidentleri, dünýä döwletleriniň bu ýurtdaky ilçileri, olaryň maşgalalary, köp sanly ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar.
Açylyş dabarasynyň başynda ýurdumyzyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow gutlag sözi bilen çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz we döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň, şol sanda medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýärler. Şonuň netijesinde, soňky ýyllarda iki dostlukly ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk has-da ösdürilýär we bu ugurda täze mümkinçilikleriň herekete girizilmegi üçin tagalla edilýär.
Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň Kätipliginiň başlygy Şimpeý Matsuşita bu ýerde eden çykyşynda ýapon tarapynyň Türkmenistan bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge aýratyn gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurdaky tagallalaryna aýratyn üns çekildi. Ş.Matsuşita Türkmenistan bilen dürli ugurlarda, şol sanda medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge mydama taýýardyklaryny beýan etdi.
Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynda edilen çykyşlardan soň, bu ýerde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary türkmen hem ýapon dillerinde aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler. Çykyşlar oňa gatnaşyjylar tarapyndan uly şowhun we el çarpyşmalar bilen garşy alyndy. «Orçard» konsert merkezinde ýaňlanan aýdym-sazlardan soňra, türkmen milli lybaslarynyň görkezilişi boldy. Bu ýerde görkezilen milli lybaslar we gelin-gyzlarymyzyň el işleriniň önümi bolan keşdelerimiz bu ýere ýygnanan dürli halklaryň wekillerinde uly gyzyklanma döretdi.