MEDENIÝET

Halkara Nowruz güni giňden belleniler

Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berildi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 21-nji martynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki “Nowruz ýaýlasynda” Ahal welaýaty hem-de Aşgabat şäheri boýunça Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk dabarasyny geçirmek bilen bagly degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ýörite meýilnama laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaplary, şeýle hem “Nowruznama” kitaby esasynda taýýarlanylan medeni-köpçülikleýin dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, bu ýerde özboluşly türkmen obasy döredilip, onda türkmen halkynyň milli däp-dessurlary giňden beýan ediler. Şunuň bilen birlikde, amaly-haşam sungatynyň sergisini, döredijilik toparlarynyň konsertini, milli oýunlary, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryny guramak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem ýurdumyzyň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlary, Arkadag şäheri boýunça baýramçylyk dabaralaryny, degişlilikde, welaýat merkezlerindäki “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda, Arkadag şäherindäki baýramçylyk meýdançasynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Dabaralaryň ählisinde türkmen halkynyň medeni mirasynyň köpöwüşginliligi aýdyň beýanyny tapar.

Ýene-de okaň

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri

Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi