Fransiýanyň futbol çempionatynda “PSŽ” topary yzly-yzyna 3-nji gezek ýurduň çempiony boldy. 28-nji aprelde “Monako” topary myhmançylykda “Lion” toparyndan 3:2 hasabynda utuldy. Şeýlelikde, çempionatyň tamamlanmagyna 3 tapgyr galandygyna garamazdan, “PSŽ” topary 70 utuk bilen çempionlygyny yglan etdi.
Sanawda ikinji orunda barýan “Monako” topary 58 utugy bolup, galan 3 tapgyrda çempion bolan “PSŽ” toparynyň yzyndan ýetmek mümkinçiligi ýok.
Pariž topary 3-nji gezek yzly-yzyna, çempion bolmak bilen, çempionatda 12-nji gezek çempion bolmagy başardy. Bu hem Fransiýanyň çempionatynda rekord görkezijidir. Mundan ozal, “PSŽ” topary 1986-njy, 1994-nji, 2013-nji, 2014-nji, 2015-nji, 2016-njy, 2018-nji, 2019-njy, 2020-nji, 2022-nji we 2023-nji ýyllarda çempion bolupdy.
Häzirki möwsümde “PSŽ” topary Fransiýanyň kubogy we Çempionlar kubogy ýaryşynda çykyş etmegi dowam etdirýär.
Fransiýanyň kubogy ugrunda ýaryşyň finalynda “Lion” topary bilen duşuşar. Çempionlar ligasynda bolsa, ýarym finala çykyp, Germaniýanyň “Borussiýa” topary bilen duşuşar.
