SPORT

Mbappeli “PSŽ” ýene-de Fransiýanyň çempiony boldy

Fransiýanyň futbol çempionatynda “PSŽ” topary yzly-yzyna 3-nji gezek ýurduň çempiony boldy. 28-nji aprelde “Monako” topary myhmançylykda “Lion” toparyndan 3:2 hasabynda utuldy. Şeýlelikde, çempionatyň tamamlanmagyna 3 tapgyr galandygyna garamazdan, “PSŽ” topary 70 utuk bilen çempionlygyny yglan etdi.

Sanawda ikinji orunda barýan “Monako” topary 58 utugy bolup, galan 3 tapgyrda çempion bolan “PSŽ” toparynyň yzyndan ýetmek mümkinçiligi ýok.

Pariž topary 3-nji gezek yzly-yzyna, çempion bolmak bilen, çempionatda 12-nji gezek çempion bolmagy başardy. Bu hem Fransiýanyň çempionatynda rekord görkezijidir. Mundan ozal, “PSŽ” topary 1986-njy, 1994-nji, 2013-nji, 2014-nji, 2015-nji, 2016-njy, 2018-nji, 2019-njy, 2020-nji, 2022-nji we 2023-nji ýyllarda çempion bolupdy. 

Häzirki möwsümde “PSŽ” topary Fransiýanyň kubogy we Çempionlar kubogy ýaryşynda çykyş etmegi dowam etdirýär.

Fransiýanyň kubogy ugrunda ýaryşyň finalynda “Lion” topary bilen duşuşar. Çempionlar ligasynda bolsa, ýarym finala çykyp, Germaniýanyň “Borussiýa” topary bilen duşuşar.

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy