Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasy has-da belent tutulýar. Şahyryň pelsepewi pikirlere ýugrulan şygyrlaryna döredilen ajaýyp aýdymlar bagşy-sazandalarymyzyň dilleriniň senasyna öwrülip, nesilden-nesle geçip ýaşaýar. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy bolsa ähli ildeşlerimizde uly ruhubelentlik döretdi.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragyny türkmen topragynyň ajaýyp tebigaty, giňişlikleri, sähralary, daglary we düzleri, deňizdir derýalary, hoşniýetli adamlary, ýakymly owazlary, halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri beýik eserleri döretmäge ruhlandyrypdyr. Gahrymançylyga, watançylyga, durmuş gözelligine söýgi, türkmen halkynyň sazlaşykly, parahat, abadan durmuşy özygtyýarly döwlet baradaky arzuwlar Magtymguly Pyragynyň eserleriniň özenini düzýär.
Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda: «Magtymguly türkmeniň kalbyna iň beýik ynanç, aňyna bolsa durmuşyň ýagşy-ýamanyny hatasyz seljerýän mähek daşy, göreçlerine öçmejek nur bolup çaýyldy» diýip belleýär. Munuň şeýledigini akyldar şahyrymyzyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024 — 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasyna ýugrulan şygyrlary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Ykbalyny halkyň ykbaly bilen mäkäm baglan şahyryň bu gün arzuw eden zamanasy geldi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bagtyýarlygyň we agzybirligiň, ösüşleriň ýurduna öwrüldi. Akyldar şahyrymyzyň ady bilen baglanyşdyrylan ýylymyzda ähli ugurlarda joş alýan döredijilikli zähmet Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýar.
Magtymguly Pyragy türkmen medeniýetini, sungatyny, durmuşyny, taryhyny, halkyny beýgelden söz ussadydyr. Magtymguly Pyragy — halkyň şirin zybany hem päk ahlagy. Ol geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyry hökmünde ykrar edilendir. Akyldar şahyrymyz diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň arasynda hem türkmen edebiýatyny Ýer ýüzüne äşgär eden ussatdyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary bilen akyldaryň hormatyna Köpetdagyň eteginde gurulýan ýadygärlik Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, filosofik garaýyşlaryny, abraý-mertebesini arşa göterýär.
Goý, akyldar şahyrymyzyň mertebesini, şöhrat-şanyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Nepes Mustakow,
D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.