DÜNÝÄ

Azerbaýjan Ukraina awtobuslary berdi we 45 million dollar möçberinde kömek etdi

Azerbaýjan ýerli jemgyýetleriň zerurlyklary üçin ynsanperwer kömegi hökmünde Ukraina bäş sany ýolagçy awtobusyny gowşurdy. Azerbaýjanyň metbugat neşirleriniň habar bermegine görä, bu barada Ukrainanyň daşary işler ministri Andreý Sibiga “X” jemgyýetçilik torunda habar berdi.

Onuň bellemegine görä, Azerbaýjan 2022-nji ýyldan bäri ukrain halkyna yzygiderli goldaw berip gelýär. Häzirki wagta çenli berlen ynsanperwer kömeginiň umumy mukdary 45 million dollardan geçdi. Bu kömekleriň düzümine energetika ulgamynyň işini üpjün etmek üçin zerur bolan generatorlar, transformatorlar we beýleki möhüm enjamlar girýär.

Sibiga, şeýle hem, 500-den gowrak ukrainaly çaganyň Azerbaýjanyň çäginde dikeldiş maksatnamalaryna gatnaşandygyny belledi. Ol Ukrainanyň bu goldawy ýokary bahalandyrýandygyny we munuň ýurduň durnuklylygyny saklamaga hem-de öňe gitmäge kömek edýändigini nygtady.

Mälim bolşy ýaly, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý Azerbaýjan Respublikasynda saparda boldy we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary