DÜNÝÄ

“Petronas” kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyny belleýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler.

Şu ýyl Malaýziýanyň nebitgaz ulgamynda uly iş tejribesi bolan «Petronas» kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyna 30 ýyl dolýandygy nygtaldy.

Diplomatlar bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini tassykladylar. Türkmen talyplarynyň ýüzlerçesi Malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar. «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşygyň çäklerinde «Petronas» Tehnologik uniwersiteti bilen netijeli gatnaşyklar alnyp barylýar. Şeýle hem, türkmen hünärmenleri Malaýziýanyň tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň ugry boýunça okuw maslahatlaryna we seminarlaryna gatnaşýarlar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar öňde boljak ýokary döwlet we hökümet derejesindäki duşuşyklar bilen bagly meselelere seretdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary