«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän çärelerdir toý-dabaralary giň gerime eýe bolýar.
Düýn Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde atly sportuň päsgelçiliklerden böküp geçmek (konkur) görnüşi boýunça geçirilen ýaryş hem şanly ýylyň ajaýyp wakalarynyň hataryndan mynasyp orun aldy. Ol köp sanly janköýerleriň we atşynaslaryň ünsüni özünde jemledi.
Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, gatnaşyjylar üç tapgyrda güýjüni synadylar. Oňa ýurdumyzyň iň saýlama bedewleriniň 10-sy gatnaşyp, olar birinji hem-de ikinji tapgyrlarda, degişlilikde, 110 santimetr, soňra bolsa 120 santimetr beýiklikdäki päsgelçiliklerden yzygiderli böküp geçdiler. Maneždäki gyzgalaňly we dartgynly pursatlar jemleýji tapgyrda has-da aýdyň duýuldy. Bu tapgyrda bedewler 130 santimetr beýiklikdäki çylşyrymly böwetlerden bökdüler. Bäsleşigiň jemi jemlenende, esasan, päsgelçiliklerde jerimesiz ýa-da az jerime alan, şeýle hem gysga wagt netijesini görkezen atly türgenler tapawutlandylar.
Bäsleşigiň ahyrynda eminler toparynyň gelen netijelerine görä, ýaryşyň ýeňijileri we öňdebaryjylary kesgitlendi. Çekeleşikli hem-de gyzykly geçen ýaryşyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Gudratly atly bedewine erk eden ussat türgen Mergen Gurbanlyýew ýeňiji diýlip yglan edildi. Tejribeli seýis D.Kanaýew tarapyndan ýaryşa taýýarlanan, 2012-nji ýylda doglan, Gadyr we Maýsa diýen atlaryň neslinden bolan bu owadan gyr at tomaşaçylary özüniň okgunly hereketi, ýeňil böküşleri bilen haýrana goýdy. Ol jemleýji tapgyrda bellenilen aralygy 1 minut 24,9 sekuntda geçip, çeýeligi hem-de şowly böküşleri bilen beýleki bedewlerden aýratyn tapawutlandy.
