MEDENIÝET

«Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwaly geçiriler

Balkan welaýatynda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwaly geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa habar berdi.

Bellenilişi ýaly, bu halkara çäräni 2 — 7-nji iýun aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek meýilleşdirilýär. Festiwalyň çäklerinde ýurdumyzyň we daşary döwletleriň tans toparlarynyň gatnaşmagynda “Küştdepdi — parahatçylyk waspçysy” atly halkara maslahaty, bu tans dessurynyň görnüşleriniň görkezme çykyşlaryny, şeýle hem tans we folklor toparlarynyň konsertini guramak göz öňünde tutulýar.

Bu festiwal türkmen milli tans sungatyny we gadymy folkloryny dünýä halklary bilen tanyşdyrmaga, halklaryň arasyndaky döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara çäreleriň giňden geçirilýändigini, olaryň ýurdumyz bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da ösdürmäge ýardam berýändigini belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalyna gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary derejede geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri

Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi